Turkmenportal logo
07.08.23
5630256302
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Özbegistana ýanwar — iýun aýlarynda Türkmenistandan 29,5 müň syýahatçy bardy

Statistika gullugynyň habaryna görä, 2023-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda syýahatçylyk maksady bilen 3,1 million daşary ýurt raýaty Özbegistana geldi.


Habarda bellenilişi ýaly, agzalan döwürde Türkmenistandan Özbegistana 29,5 müň syýahatçy barypdyr. Bu barada «Uzdaily» ýazýar.


Öňdäki üçlügi Täjigistandan (958,5 müň), Gyrgyzystandan (786,4 müň), Gazagystandan (764,4 müň) baran syýahatçylar eýeleýär. Soňky orunlarda Russiýa (345 müň adam), Türkiýe (48,3 müň adam), Türkmenistan (29,5 müň adam), Hindistan (16,7 müň adam), Koreýa (15,9 müň adam), Hytaý (13,3 müň adam) we Germaniýa (11,7 müň adam) bar.