Turkmenportal logo
19.07.23
4032640326
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti «Medeniýet dialogyny» we Ekologiýa geňeşiniň döredilmegini teklip etdi
Türkmenistanyň Prezidenti «Medeniýet dialogyny» we Ekologiýa geňeşiniň döredilmegini teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Jidde şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi» görnüşindäki sammitinde eden çykyşynda medeni-ynsanperwer ugur hem uly ähmiýete eýe bolýandygyny belledi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


– Medeni hyzmatdaşlygyň täze platformasyny, ýagny Merkezi Aziýanyň we Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň «Medeniýet dialogyny» döretmegi teklip edýäris» – diýip, döwlet Baştutany nygtady.


Hormatly Prezidentiň aýdyşy ýaly, häzirki günde ählumumy ösüşiň gün tertibinde duran möhüm meseleleriň biri, ol hem ekologiýa ulgamydyr.


– Şundan ugur alyp, Merkezi Aziýanyň we Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň döwletleriniň Ekologiýa geňeşiniň döredilmegi baradaky meselä seretmegi teklip edýäris – diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow aýratyn üns çekdi.