Turkmenportal logo
18.07.23
4740347403
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TFF Kubok ýaryşynyň ýarym final duşuşyklarynyň geçiriljek günlerini kesgitledi
TFF Kubok ýaryşynyň ýarym final duşuşyklarynyň geçiriljek günlerini kesgitledi

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy Kubok ýaryşynyň ýarym final duşuşyklarynyň geçiriljek günlerini kesgitledi.


Federasiýanyň resmi saýtynyň habar berşi ýaly, ýarym finalyň ilkinji duşuşyklary 28-nji sentýabrda, jogap duşuşyklary bolsa 20-nji oktýabrda geçiriler.


Ýeri gelende bellesek, geçirilen çärýek final duşuşyklarynyň netijesi boýunça «Merw», «Ahal», «Altyn asyr» hem-de «Arkadag» toparlary ýarym finalda çykyş etmäge hukuk gazandylar.


Ýurdumyzyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň final duşuşygynyň geçiriljek ýeri hem-de wagty soň belli ediler.


Kubok bäsleşiginiň birinji ýarymfinal duşuşyklary (28.09.2023):


«Merw» – «Ahal»


«Altyn asyr» – «Arkadag»


Kubok bäsleşiginiň jogap duşuşyklary (20.10.2023):


«Ahal» – «Merw»


«Arkadag» – «Altyn asyr».