Turkmenportal logo
10.07.23
4524545245
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Röwşen» haryt nyşany çaga eşikleriniň tomusky kolleksiýasyny öndürdi

«Röwşen» kärhanasynyň Aşgabatda ýerleşýän aýakgap dükany çagalar üçin niýetlenip öndürilen «Röwşen kids» eşikleriniň tomusky kolleksiýasyny hödürleýär.


Ýaşajyk häzirki zaman şäher modasyny söýüjileriň dykgatyna dükanda futbolkalaryň, maýkalaryň, polo-köýnekçeleriň we şortlaryň giň görnüşleri ýetirilýär. Dükanda hem oglanjyklar, hem gyzjagazlar üçin egin-eşik görnüşleri bardyr. Haryt nyşanynyň ähli geýimleri tebigy pagtadan öndürilýär.


Tebigy materiallar, biçüwleriň oňaýlylygy we işiň ýokary hili «Röwşen kids» çagalar kolleksiýasyndaky egin-eşik görnüşleri tekjäňizi tomus öwüşgini bilen bezeýär.


Kärhananyň täze kolleksiýasy bilen onuň şu salgyda ýerleşýän dükanyna baryp tanşyp bilersiňiz: Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, 91/1 jaýy «Gadamly» binasy. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 21 63 06, (+993 64) 14 14 19.


Sosial media ulgamyndaky sahypasy.


Şeýle-de okaň: