Turkmenportal logo
09.07.23
4801848018
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Arkadag şäherinde ilkinji durmuş toýy tutuldy
Arkadag şäherinde ilkinji durmuş toýy tutuldySurat: mir24.tv

Ýakynda açylyp, ulanmaga berlen döwlet ähmiýetli Arkadag şäherinde ilkinji durmuş toýy tutuldy. Toý dabarasy Agageldiýewleriň maşgalasynda geçirildi diýip, «MIR24» halkara teleýaýlymy habar berýär.


Şäheriň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde geçirilen toýda ýaşlara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.


Toý dabarasy däbe öwrülen lybaslar, tagamlar we tanslar bilen milli äheňde geçirildi.