Turkmenportal logo
19.06.23
2918729187
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan karate boýunça Merkezi Aziýanyň çempionatyna gatnaşýar
Türkmenistan karate boýunça Merkezi Aziýanyň çempionatyna gatnaşýar

Şu gün Gyrgyzystanyň paýtagtynda karateniň WKF görnüşi boýunça Merkezi Aziýanyň sekizinji çempionaty dabaraly ýagdaýda açyldy. Oňa Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň türgenleri gatnaşýarlar diýip, Sport.kg ýazýar.


Ýaryşyň açylyş dabarasyna hormatly myhmanlaryň birnäçesi gatnaşdy. Olaryň arasynda Merkezi Aziýanyň Karate-do federasiýasynyň prezidenti Sarsenbaý Abdullaýew, Aziýanyň Karate federasiýasynyň eminler kollegiýasynyň wekili Mansur Al-Sultan, Gyrgyz Respublikasynyň Milli karate-do federasiýasynyň prezidenti Kanybek Turdumambetow we beýlekiler bar.


Tutluşyklar üç ýaş derejesinde kadetleriň (14 ― 15 ýaş), ýetginjekleriň (16 ― 17 ýaş) we ulularyň (18 we ondan uly ýaş) arasynda geçiriler. Merkezi Aziýanyň çempionatynda kata we kumite boýunça medallaryň 30 toplumy üçin göreşiler.