Turkmenportal logo
30.05.23
2748327483
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Kononenko kosmosda 1 müň gije-gündizden köp bolar
Kononenko kosmosda 1 müň gije-gündizden köp bolar

RF-iň «Roskosmos» döwlet korporasiýasy Halkara kosmos stansiýasyna uzak wagtlap ugrajak 70-nji we 71-nji ekspedisiýalaryň düzümine Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany Oleg Kononenkonyň we Nikolaý Çubuň, şeýle hem NASA-nyň astronawty Loral O'Haranyň girizilendigini habar berdi. Bu barada «Vesti.ru» ýazýar.


Topary HKS-a 2023-nji ýylyň sentýabrynda «Soýuz MS-24» kosmos gämisi elter. Kononenko we Çub stansiýada 2024-nji ýylyň sentýabryna çenli galar we «Souz MS-25» kosmos gämisi arkaly Ýere gaýdyp gelerler.


Şunlukda, Kononenko kosmosda 1 müň gije-gündizden hem köp wagtlap bolan adam hökmünde taryha girer. Ol öň umumy dowamlylygy 736 gije-gündize deň bolan dört kosmos uçuşyny amala aşyrdy.


Bu gezekki saparyň barşynda Kononenko 878 gije-gündizläp kosmosda bolan Gennadiý Padalkiniň rekordyny täzelär.