Turkmenportal logo
27.05.23
7407374073
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
28-29-30-njy iýunda Türkmenistanda Gurban baýramy belleniler
28-29-30-njy iýunda Türkmenistanda Gurban baýramy belleniler

Şu ýylyň 28-29-30-njy iýuny günlerinde Türkmenistanda milli baýram — Gurban baýramy belleniler. Bu barada ýurduň medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer M.Mämmedowa anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedowa hasabatynda aýtdy diýlip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.


Wise-premýer tarapyndan geljek aý üçin hödürlenen medeni çäreleriň meýilnamasynda döredijilik we zehin bäsleşikleri, sport ýaryşlary, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi göz öňünde tutulýan dürli çäreler, tematiki maslahatlar hem bar.


Belläp geçsek, Gurban baýramy yslam dünýäsinde iki sany esasy baýramyň biri bolup, ol beýleki bir möhüm baýram — Oraza baýramyndan 70 gün soňra bellenilýär. Döwlet Baştutanynyň ýörite Permany esasynda, şol baýramçylyk günleri Türkmenistanda iş günleri däl diýlip yglan edilýär.