Turkmenportal logo
07.05.23
3152531525
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Zenit» möwsüm tamamlanmanka, futbol boýunça Russiýanyň çempiony boldy

Sankt-Peterburgyň «Zeniti» 26-njy tapgyrda Moskwanyň «Spartagyny» ýeňip, möhletinden ozal Russiýanyň premýer-ligasynyň çempiony boldy. «Gazprom-Arenada» geçirilen duşuşyk ýer eýeleriniň 3:2 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.


Şeýlelikde, «Zenit» 26 duşuşykdan soň utugyny 64-e çykardy. Ikinji orundaky SSKA-da bolsa 50 utuk bar.


49 utukly «Spartak» ýaryş tertibinde dördünji orny eýeleýär. 13-nji maýda «Spartak» myhmançylykda «Himki» bilen, «Zenit» bolsa «Krasnodar» bilen oýnar.