Turkmenportal logo
11.04.23
2400124001
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Žanni Infantino CAFA-nyň mejlisine gatnaşar
Žanni Infantino CAFA-nyň mejlisine gatnaşar

FIFA-nyň prezidenti Žanni Infantino Täjigistana gelip, ol Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň 1-nji maýda geçiriljek mejlisine gatnaşar. Mejlisde Merkezi Aziýanyň ilkinji çempionatyna degişli meselelere serediler.


Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň ozal habar berşi ýaly, assosiasiýa maý aýynda birinji sebitleýin çempionatyň bije çekişligini gurar. Çempionatyň özüniň 9 ― 21-nji iýun aralygynda geçirilmegine garaşylýar. Esasy gatnaşyjylar hökmünde CAFA-nyň wekilleri bolan Owganystanyň, Eýranyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýygyndylary görkezilýär. Şeýle hem Merkezi Aziýanyň çempionatynda Tailandyň we Russiýanyň ýygyndylarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.