Turkmenportal logo
24.03.23
6663766637
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýa Gazagystan we Türkmenistan bilen Hazarýaka aýlaw ýoluny gurar

Russiýa Federasiýasy maý aýynda geçiriljek «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» maslahatynyň çäklerinde Gazagystan we Türkmenistan bilen Hazaryň kenarýakasynda aýlaw ýoluny gurmak meselesini ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýär. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Marat Husnulliniň sözlerine salgylanyp, «RIA Nowosti» habar berýär.


Habar berlişi ýaly, maý aýynda «KazanForum»-yň çäklerinde geçiriljek gepleşikleriň netijesinde Hazar deňziniň ýakasy bilen uzap gidýän awtoulag ýoluny gurmak boýunça Ylalaşyga gol çekilip bilner.


Hazar deňziniň gündogar kenarýakasyndaky bu awtoulag ýolunyň gurluşygy Russiýanyň Premýer-ministri Mihail Mişustinyň ýolbaşçylygyndaky rus wekiliýetiniň şu ýylyň ýanwar aýynda Aşgabat şäherine amala aşyran saparyň dowamynda hem ara alnyp maslahatlaşylypdy.


Ýeri gelende bellesek, «KazanForum», ýagny «Russiýa — Yslam dünýäsi» Halkara ykdysady forumy 2023-nji ýylyň 18 — 20-nji maýy aralygynda Kazan şäherinde geçiriler. Bu foruma türkmen wekiliýetiniň hem gatnaşmagyna garaşylýar.