Turkmenportal logo
10.03.23
2904029040
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistana Russiýanyň Woronež sebitinden süýt önümleri eksport edildi
Surat: roscontrol.com

Russiýa Federasiýasynyň Woronež sebitinden Türkmenistana süýt önümleri eksport edildi. Bu barada «Rosselhoznadzor»-yň resmi web sahypasynda habar berilýär.


Habarda bellenilişi ýaly, sebitden Türkmenistan bilen bir hatarda, Hytaý Halk Respublikasyna, Abhaziýa, Azerbaýjana, Täjigistana, Gruziýa we beýleki ýurtlara iberilen süýt önümleriniň (süýt, kefir, gatyk, ýag we ş.m.) möçberi 1,5 müň tonnadan gowrak boldy.


2023-nji ýylyň başyndan bäri «Rosselhoznadzor»-yň Woronež, Belgorod we Lipetsk sebitleri boýunça edarasynyň hünärmenleriniň gözegçiligi astynda Woronež sebitinden, takmynan, 60 müň tonnadan gowrak maldarçylyk önümi 1000-e golaý tapgyrda eksport edildi.


Eksportyň köp bölegi — 40 müň tonnadan gowragy iýmit we iýmit goşundylaryndan ybarat bolup, olar, esasan, Azerbaýjana we Özbegistana ugradyldy. Şeýle hem bu ýurtlar Woronež sebitindäki öndürijilerden 300 tonna guş etini satyn aldylar diýlip, habarda bellenilýär.