Turkmenportal logo
22.02.23
4699246992
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Iň uzyn atly täze zelandiýaly Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi
Iň uzyn atly täze zelandiýaly Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildiSurat: gazeta.ru

Täze Zelandiýadan Lourens Gregori Uotkins dünýäde iň uzyn atly adam hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.


Neşiriň ýazmagyna görä, erkek kişi öz adyny üýtgetmek üçin, 1990-njy ýylyň 8-nji martynda ýurduň Ýustisiýa ministrligine ýüz tutup, täze adyny resmi hasaba aldyrypdyr. Şondan bäri onuň ady resmi taýdan 2300 sany atdan we bir familiýadan ybaratdyr.


Uotkins öz saýtynda gündelik ulanmak üçin bu uzyn sanawdan öz maşgalasy üçin golaý bolan atlary saýlandygyny gürrüň berdi. Ol şeýle-de uzyn adyň eýesidigine buýsanýandygyny ýazýar.


Onuň saýtynda atlarynyň ählisi beýan edilipdir, olaryň arasynda Gannibal, Şerri, Napoleon, Narsis we Şerlok diýen atlar hem bar.