Turkmenportal logo
18.02.23
4412844128
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Awstriýadaky türkmen ilçisi şol bir wagtda Wengriýada we Slowakiýada diplomatik wezipäni ýerine ýetirer
Surat: Österreichische Präsidentschaftskanzlei

Prezident Serdar Berdimuhamedow Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky (Wena şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hemra Sapargylyjowiç Amannazarow şol bir wagtda Türkmenistanyň Wengriýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi.


Şeýle-de döwlet Baştutanynyň gol çeken Permany bilen, Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky (Wena şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hemra Sapargylyjowiç Amannazarow şol bir wagtda Türkmenistanyň Slowakiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi.