Turkmenportal logo
10.02.23
3931539315
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ronaldu 500-lik sepgide ýetdi
Photo: championat.com

Portugaliýaly superýyldyz Kriştianu Ronaldu Saud Arabystanynyň çempionatynyň 16-njy tapgyrynda 4 gol geçirip, içerki çempionatlarda urlan gollaryň sany boýunça 500-lik sepgidi zabt etdi.


Ronaldu «Al-Nasryň» myhmançylykda «Al-Wehda» bilen bolan oýnunda 21-nji, 40-njy, 61-nji minutlarynda oýun pursatyndan, 53-nji minutynda bolsa penaltiden gol geçirdi hem-de toparynyň 4:0 hasabyndaky ýeňşini kepillendirdi.


Şeýlelikde, Ronaldunyň içerki çempionatlarda uran gollarynyň sany 503-e ýetdi. Ol bu gollaryň 311 sanysyny «Realda», 103 sanysyny «Mançester Ýunaýtedde», 81 sanysyny «Ýuwentusda», 3 sanysyny «Sportingde» we 5 sanysyny «Al-Nasrda» oýnan mahaly öz adyna ýazdyrdy. Mundan başga-da, Ronaldu 3 ýa-da ondan köp gol uran oýunlarynyň sanyny 61-e ýetirdi. Ol bu ugurda birinjiligi özünde saklaýar. Umumy het-trikleriň sanyny boýunça ikinji orun Lionel Messä (56 gezek) degişli.