Turkmenportal logo
08.02.23
5386253862
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasyna bardy
Photo: Twitter account of Togan Oral

Şu gün — 8-nji fewralda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna bardy. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral özüniň «Twitter» hasabynda mälim etdi.


Habar berlişi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow ilçihana baryp, Türkiýe döwletinde bolup geçen köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine hem-de weýrançylyklara getiren ýer titremesi sebäpli duýgudaşlyk bildirdi, şeýle hem ilçihananyň matam kitabynda ýazgy galdyrdy.


«Türk doganlarymyza, tebigy betbagtçylykda aradan çykan adamlara we garyndaşlaryna türkmen halkynyň adyndan çuňňur gynanjymyzy bildirýäris. Hemmesine medet bersin. Türkmen we türk halky bakydyr. Türk halkyna mundan beýläk diňe abadançylyk arzuw edýäris» diýlip, Gurbanguly Berdimuhamedowyň matam kitabynda galdyran ýazgysynda bellenilýär.