Turkmenportal logo
24.01.23
5098550985
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Berdimuhamedow Köýtendag etrabyna täze häkim belledi
Surat: turkmenistan.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda, Allakulyýew Söhbet, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy.


Degişli Perman bilen, döwlet Baştutany bu wezipä Ylýas Baýramowiç Öwezowy belledi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.