Turkmenportal logo
16.01.23
4735247352
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
2023-nji ýyly «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýip yglan etmegiň dabarasy 27-nji ýanwarda geçiriler

2023-nji ýyly «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýip yglan etmegiň dabarasy 27-nji ýanwarda geçiriler. Bu barada BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň resmi web sahypasynda habar berildi.


Resmi dabara BMG-ä agza döwletleriň, degişli halkara we sebit guramalarynyň hem-de raýat jemgyýetleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda garyşyk görnüşde geçiriler diýlip, habarda aýdylýar.


Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77/32 belgili Kararnamasyna laýyklykda, 2023-nji ýyl «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýlip yglan edildi. Kararnama Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edildi.


Bu başlangyç Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň parahatçylygy berkitmek üçin Täze gün tertibi bilen gönüden-göni baglanyşykly bolup, ol global strategik töwekgelçilikleri azaltmagy, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga we parahatçylygy gurmaga maýa goýmagy hem-de sebitleýin öňüni alyş çärelerini goldamagy öz içine alýar.