Turkmenportal logo
15.01.23
3447034470
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň hokkeý ýygyndysy Kazan Hockey Cup-da gyrgyz ýygyndysyndan üstün çykdy
Surat: Kazan Hockey Cup

Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndysy yslam döwletleriniň we Tatarystan Respublikasynyň milli ýygyndylarynyň arasynda geçirilýän Kazan Hockey Cup halkara ýaryşynyň ikinji tapgyrynda Gyrgyzystanyň ýygyndysyny 5:4 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk şu gün Kazan şäherindäki buzly Sport köşgünde geçirildi.


Iki ýygyndy taryhynda ahyrky gezek 2017-nji ýyldaky Aziýa oýunlarynyň çäginde duşuşypdylar. Ýaponiýanyň Sapporo şäherinde geçirilen şol duşuşyk türkmen hokkeýçileriniň 7:3 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlanypdy.


Tatarystanyň paýtagtynda geçirilýän halkara ýaryşa bolsa 13 döwletden 300-den gowrak hokkeýçiniň gatnaşýandygyny ýatladýarys.


Türkmen ýygyndysy halkara ýaryşdaky ilkinji duşuşygynda Tatarystanyň ýygyndysyndan 2:7 hasabynda asgyn gelipdi. Türkmenistanly hokkeýçileriň 16-njy ýanwardaky garşydaşy Gazagystanyň ýygyndysy bolar.