Turkmenportal logo
11.01.23
4059340593
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda türkmen-rus işewürlik forumy geçiriler

19-20-nji ýanwarda Aşgabatda türkmen-rus işewürlik forumy geçiriler. Şol döwürde işewür geňeşleriň bilelikdäki ýygnagyny geçirmek hem meýilleşdirilýär.


Şonuň ýaly-da, çäräniň çäginde russiýaly öndürijileri üçin «Russiýanyň söwda öýi» söwda we sergi meýdançasynyň açylyş dabarasynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.


Bu forum Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky söwda, ykdysady we senagat pudagyndaky hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga gönükdirilendir.


Duşuşyklar transport we logistika, senagat, bilim, sanly gün tertibi we iki ýurduň kompaniýalarynyň arasyndaky beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyga bagyşlanar.


Russiýa Federasiýasynyň Söwda-senagat palatasynyň resmi web sahypasynda berlen habara görä, işewürlik forumynyň ilkinji gününde senagat B2B duşuşyklarynyň geçirilmegine garaşylýar.