Turkmenportal logo
04.12.22
1661916619
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ahalyň täze merkezini Rekordlar kitabyna girizmek boýunça meselä serediler

Habar berşimiz ýaly, 3-nji dekabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurulýan ýerine baryp, ol ýerde merkeziň gurluşygynyň 1-nji tapgyrynyň binalarynyň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk boýunça iş maslahatyny geçirdi.


Iş maslahatynyň barşynda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň täze merkeziniň gurluşygynyň 1-nji tapgyrynyň tamamlanmagy bilen baglylykda, öňde çözülmeli birnäçe wajyp meseleleriň bardygyny aýtdy we degişli ýolbaşçylara ýüzlenip, şol meseleler babatdaky wezipeleri jikme-jik kesgitläp berdi.


Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa ýüzlenip, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap merkeziniň sebitde iň iri, aýratyn özboluşly hem-de owadan şäherdigini nazara alyp, halkara guramalar bilen işleri geçirmelidigi, şol sanda ony Ginnesiň rekordlar kitabyna-da girizmek babatdaky meselä seretmelidigi barada aýtdy.


Şeýle-de Halk Maslahatynyň Başlygy welaýatyň täze merkeziniň açylyş dabarsyna isleg bildirýän daşary ýurtly myhmanlary-da çagyrmalydygyny belledi.