Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

