Turkmenportal logo
27.11.22
1918519185
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
DÇ-2022: Ýaponiýa Kosta-Rikadan ýeňildi
Surat: NDTV Sports

DÇ-2022-niň ikinji tapgyrynda Kosta-Rika Ýaponiýany ýeňlişe sezewar etdi. 1:0 hasabynda tamamlanan duşuşykdaky ýeke-täk gol 81-nji minutda Keýşer Fulleriň adyna ýazyldy. Goldan soň, ýaponlar has-da hüjüme bat berdiler, emma şu gün olara Keýlor Nawasyň derwezesine top salmak başartmady.


Şeýlelikde, bu oýundan soňra «E» toparçasynda çykyş edýän Ýaponiýanyň, Kosta-Rikanyň we Ispaniýanyň hasabynda 3 utukdan bar. Germaniýa bolsa heniz utuk gazanyp bilmedi. Toparçada ikinji tapgyryň ikinji gapma-garşylygy bolan Ispaniýa — Germaniýa oýny şu gün 23:45-de başlanar.


Üçünji tapgyrda Ýaponiýa Ispaniýa bilen, Kosta-Rika bolsa Germaniýa bilen oýnar. Duşuşyklaryň ikisi hem 1-nji dekabrda şol bir wagtda geçiriler.


Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistanyň çäginde dünýä çempionatynyň duşuşyklaryna «Match tv» teleýaýlymynyň üsti bilen göni ýaýlymda tomaşa etmek mümkin.