Turkmenportal logo
15.11.2022
1449614496
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Stambulda partlamada ejir çekenleriň sany 80-den geçdi
Surat: ural.tsargrad.tv

Türkiýänyň Stambul şäheriniň merkezinde bolan partlamada ejir çekenleriň sany 81 adama ýetdi diýip, ýurduň Wise-prezidenti Fuat Oktaý beýanat berdi, bu barada «MIR 24» ýazýar.


Oktaý ejir çekenleriň ikisiniň agyr ýagdaýdadygyny habar berdi. Wise-premýeriň sözlerine görä, bombany aýal partladypdyr, munuň özi ýykgynçylykly jenaýatdygyny görkezýär diýip, syýasatçy nygtady.


«Ýaralananlaryň ählisi bejergi alýar, olar tiz wagtda aýaga galarlar diýip umyt edýäris» diýip, Oktaý aýtdy.


Häzirki wagtda jenaýatçylykly hadysany derňemäge ýurduň Baş prokuraturasynyň 14 sülçüsi çekildi.


Öň Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan partlama dahylly adamlaryň ählisiniň jenaýat jogapkärçiligine çekiljekdigini aýtdy.