Turkmenportal logo
29.09.22
7630876308
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Sapardurdy Toýlyýew Ylymlar akademiýasynyň prezidenti wezipesinden boşadyldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Sapardurdy Toýlyýewi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti wezipesinden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň umumy ýygnagynyň 2022-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda çykaran 9/1 belgili çözgüdi tassyklanyldy.


Şeýle-de bu wezipä Allaberdi Aşirowy saýlamak hakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň umumy ýygnagynyň 2022-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda çykaran 9/2 belgili çözgüdi Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.