Turkmenportal logo
26.09.22
4178341783
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Berdimuhamedow Sankt-Peterburgyň gubernatoryny kabul etdi

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin gelen Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglowy kabul etdi.


Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerine uly üns berýändigi üçin hoşallyk bildirip, Newanyň boýundaky şäheriň russiýa-türkmen gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolan hyzmatdaşlygy ilerletmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.


Duşuşygyň barşynda uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda guralýan köpýyllyk hyzmatdaşlygy ösdürmegiň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyldy. Şeýle-de ozal gazanylan ylalaşyklary, hususan-da, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ulgamlarda 2020 — 2025-nji ýyllar üçin «Ýol kartasynda» bellenen wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.


Bellenilişi ýaly, energetika, ulag we kommunikasiýalar, gurluşyk ulgamy, ýol-ulag düzümi we gämi gurluşygy, maýa goýumlary hem-de sanlylaşdyrmak, «akylly şäherleri» gurmakda özara gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarydyr. Öz nobatynda, Türkmenistan hem ýurtda öndürilýän oba hojalyk, dokma we nebithimiýa senagatynyň önümlerini hem-de beýleki harytlary ibermäge taýýardyr.


Söhbetdeşler medeni-ynsanperwer ulgamda hem netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň möhümdigini nygtadylar.