Turkmenportal logo
02.09.22
2277122771
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda 7-nji sentýabrda pagta ýygymyna girişiler
Türkmenistanda 7-nji sentýabrda pagta ýygymyna girişiler

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda wise-premýer A.Ýazmyradow ýurduň oba hojalyk ulgamynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle-de möhüm möwsüm bolan pagta ýygymyna girişmäge ak pata bermegini haýyş etdi.


«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurduň Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda pagta ýygymyna 7-nji sentýabrda, Daşoguz welaýatynda bolsa 14-nji sentýabrda girişmäge ak pata berdi. Şeýle-de oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän wise-premýere möwsümi üstünlikli tamamlamak boýunça degişli tabşyryklary berdi.


Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken degişli Kararyna laýyklykda, şu ýyl ýurt boýunça 580 müň gektara gowaça ekilip, ondan 1 million 250 müň tonna hasyl almak meýilleşdirildi.