Turkmenportal logo
29.08.22
2490124901
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçihanasy başga salga göçdi

Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçihanasy täze salga göçdi. Indi ilçihana Aşgabat şäheriniň Gypjak köçesiniň 41-nji jaýynda ýerleşýär. Bu barada edaranyň jemgyýetçilik torlaryndaky hasaby arkaly habar berildi.


Ilçihana bilen birlikde onuň Konsullyk bölümi hem indi täze salgyda işlär.


Berlen habarnamada: «Hormatly raýatlar, konsullyk meseleleri boýunça sowallar bilen +99312482044 belgili telefon arkaly ýüzlenip bilersiňiz» diýilýär.


Ilçihananyň Konsullyk bölümi hepdäniň duşenbe we anna günleri ir sagat 9-dan 13-e çenli kabul edýär.


Azerbaýjanyň ilçihanasynyň web saýtynyň ashgabat.mfa.gov.az salgysynda ýerleşýändigini habar berýäris. Şeýle hem ilçihana bilen ashgabat@mission.mfa.gov.az elektron salgysy arkaly habarlaşyp bolar.


Ilçihana ozal Aşgabat şäheriniň Bilim köçesiniň 44-nji jaýynda ýerleşýärdi.