Turkmenportal logo
16.08.22
1875618756
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan 2023-nji ýylda öz ýük gämilerini gurup başlar

Türkmenistan 2023-nji ýylyň başynda öz ýük gämilerini gurmagy meýilleşdirýär. Bu barada korabel.ru «Turkmendeňizderýaýollary» agentliginiň ýolbaşçysy Annadurdy Kösäýewiň sözlerine salgylanyp habar berýär.


«Türkmenistanda 2018-nji ýyldan bäri gämi abatlaýyş zawody işläp gelýär. Bu pudak ― Türkmenistanyň ykdysadyýeti üçin täze pudak. Şeýle-de bolsa, maýadarlarymyzyň goldawy bilen şu ýylyň ahyrynda ýa-da geljek ýylyň başynda ilkinji ýerli ýük gämilerimizi gurup başlamagy meýilleşdirýäris» diýip, agentligiň ýolbaşçysy aýtdy.


Şu günler «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 30-dan gowrak döwletiň we şonçarak halkara guramanyň wekilleriniň gatnaşmagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň maslahatynyň geçirilýändigini ýatladýarys.