Turkmenportal logo
09.08.22
1037110371
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
ÝÖTB Türkmenistanda 32 taslamany maliýeleşdirýär

2022-nji ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistanda Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝÖTB) taslamalar üçin goýan maýasynyň 49 million ýewro barabar boldy diýip, «Trend» habarlar gullugy bankyň maglumatlaryna esaslanyp habar berdi.


Ýewropa bankynyň maýa goýum taslamasy Türkmenistanda 32 taslamany durmuşa geçirmek üçin niýetlenendir. Goýlan maýanyň 96%-i (47 million ýewro) senagata, söwda we oba hojalygyna gönükdirilendir.


Bankyň ähli döwürde Türkmenistanda 88 taslama üçin 343 million ýewrodan gowrak maýa goýandygy bellenilýär.