Turkmenportal logo
17.07.22
2709327093
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Ýüpek ýoly» rallisiniň ilkinji üç orny türkmenistanly sürüjilere nesip etdi

Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň sürüjileri Merdan Toýlyýew (sürüji) we Şöhrat Toýlyýew (şturman) «Ýüpek ýoly» ralli-marafonunyň ýolsaýlamazlaryň arasyndaky ýaryşynda ýeňiji boldular. Bu ýurdumyza wekilçilik eden ekipažyň abraýly halkara bäsleşiklerindäki ilkinji üstünligidir.


Şeýle-de ýaryşyň şu görnüşinde ikinji orna Şamyrat Gurbanow – Muhammetmyrat Gurbanow, üçünji ýere bolsa Maksatmyrat Daňatarow – Didar Orazmedow ekipažy mynasyp boldular.



Bilşiňiz ýaly, «Ýüpek ýoly» halkara ralli-marafony 6 — 16-njy iýul aralygynda Russiýanyň çäklerinde geçirildi. Bu ýaryş Astrahanda badalga alyp, Moskwa şäherinde jemlendi. Ralliniň umumy uzynlygy 4474 kilometre barabar bolup, şonuň 2800 kilometri ýörite bölekden ybaratdyr.


«Ýüpek ýoly» ralli-marafony. Ýolsaýlamazlaryň arasyndaky ýaryşyň umumy jedweli:


  1. Merdan Toýlyýew / Şöhrat Toýlyýew, Nissan Patrol, 48:47:25;
  2. Şamyrat Gurbanow / Muhammetmyrat Gurbanow, Nissan Patrol, +0:07:47;
  3. Maksatmyrat Daňatarow / Didar Orazmedow, Nissan Patrol, +3:59:44.