Turkmenportal logo
26.06.22
1142511425
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Medeniýet hepdeligi 2023-nji ýylda Agabatda geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şu gün gol çeken Kararyna laýyklykda, 2023-nji ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Aşgabat şäherinde Medeniýet hepdeligi geçiriler.


«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Medeniýet hepdeligini geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Medeniýet ministrligine, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine, Türkmen döwlet neşirýat gullugyna, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine we Aşgabat şäheriniň häkimligine Medeniýet hepdeliginde sungatyň, çeper döredijiligiň görnüşleri boýunça medeni çäreleriň geçirilmegini, olaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilmegini üpjün etmek tabşyryldy.


Habar berşimiz ýaly, häzirki günlerde Medeniýet hepdeligi Mary welaýatynda dowam edýär.