Turkmenportal logo
16.06.22
65726572
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gruziýa syýahatçylar üçin hökmany PZR barlagyny ýatyrdy

Gruziýanyň Hökümeti ýurda gelýän syýahatçylar üçin hökmany otrisatel PZR barlagyny ýa-da koronawirusa garşy sanjym güwänamasyny soramak talabyny ýatyrdy. Degişli karar 15-nji iýundan güýje girýär diýip, officelife.media habar berýär.


Öň, bu ýurda barýan islendik syýahatçy hökmany ýagdaýda sapardan 72 sagat öň tabşyrylan PZR barlagynyň otrisatel netijesini ýa-da SARS-CoV-2-a garşy sanjymyň doly waksinasyny alandygyny tassyklaýan resminamany görkezmelidi.