Turkmenportal logo
12.06.22
73557355
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Geçen hepde türkmen biržasyndaky geleşikleriň bahasy 134,7 amerikan dollaryndan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 18-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Türkiýe Respublikasynyň we Owganystanyň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen EСO-93 kysymly awtobenzini satyn aldylar.


Bulardan başga-da, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň telekeçileri daşary ýurt puluna nah ýüplük hem-de jins mata satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 134 million 755 müň dollaryndan gowrak boldy.


Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri bahasy 973 müň 500 manada deň bolan nah ýüplügi satyn aldylar.