Turkmenportal logo
08.06.22
1815918159
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Aziýanyň kubogy-2023-iň saýlama tapgyrynda Malaýziýadan asgyn geldi

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndy topary Aziýanyň kubogy-2023 ýaryşynyň saýlama tapgyrynyň toparçalaýyn oýunlarynyň çäklerinde Malaýziýanyň ýygyndy toparyndan ýeňildi. Gyzgalaňly geçen duşuşyk malaýziýalylaryň peýdasyna 1:3 hasap bilen tamamlandy.


Netijede, toparçadaky birinji aýlawdan soň, Ýazguly Hojageldiýewiň tälimçiliginde çykyş edýän türkmen ýygyndy topary FIFA-nyň reýtinginde 154-nji orunda duran milli ýygyndydan ýeňildi.