Turkmenportal logo
08.05.22
69456945
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Rahat Japarow gyrgyz çempionatynda pökgi geçirtmedik duşuşyklarynyň sanyny bäşe çykardy

«Abdyş-Atanyň» türkmenistanly derwezeçisi Rahat Japarow Gyrgyzystanyň çempionatynda pökgi geçirtmedik duşuşyklarynyň sanyny bäşe çykardy. Onuň topary häzirki çempion «Dordoýy» 2:0 hasabynda ýeňdi.


Başlangyç düzümde meýdana çykan ildeşimiz 90 minutlap derwezäni gorady.


Umuman, Rahat Japarow şu ýyl gyrgyz çempionatynda 8 duşuşyk geçirdi we olarda derwezesine bary-ýogy 4 pökgi goýbertdi. Japarow «Abdyş-Ata» şu ýylyň ýanwar aýynda goşulypdy.


19 utuk toplan «Abdyş-Ata» häzir ýaryş tertibiniň başyny çekýär.