Turkmenportal logo
05.05.22
80958095
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Berdimuhamedow ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariaty hakyndaky Düzgünnamany tassyklady
Berdimuhamedow ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariaty hakyndaky Düzgünnamany tassyklady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Resminamasyna laýyklykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariaty hakynda Düzgünnama tassyklanyldy.


«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, degişli resminama Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariatynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen gol çekildi.