Turkmenportal logo
28.04.22
81108110
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mongoliýanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady
Surat: Alexander Astafyev / Sputnik / Pool via REUTERS

Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy ýurtlaryň arasyndaky ýola goýlan diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady. Gutlag «Türkmenistan» gazetinde neşir edildi. Onda şeýle setirler bar:


«Mongol halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi hem-de türkmen halkyny Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.


Iki ýurduň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmek hem-de ösdürmek işinde Siziň Alyhezretiňiz bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýändigimi bellemek isleýärin.


Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, işiňizde uly üstünlik, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin».