Turkmenportal logo
08.04.22
1168811688
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen hokkeýçileri Türkiýäniň ýygyndysyndan hem asgyn geldiler

Şu gün hokkeý boýunça dünýä çempionatynyň üçünji dwizionynyň «A» toparçasynda nobatdaky duşuşyk geçirildi.


Lýuksemburgyň Kokelşýoýe şäherindäki buzly sport toplumda Türkmenistanyň we Türkiýäniň ýygyndylary duşuşdylar. Duşuşyk türk hokkeýçileriniň 6:5 (1:0, 4:2, 1:3) hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.


Şeýlelikde, türk ýygyndysy bäş duşuşykda 9 utuk toplap, toparçada ikinji orny eýeledi. 4 utukly Türkmenistanyň näçenji orny eýelejekdigini şu gün geçiriljek Lýuksemburg ― Taýwan duşuşygyndan soň belli bolar.