Turkmenportal logo
27.03.22
1555715557
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Turkish Airlines Türkmenbaşydan Stambula ýörite uçuşy amala aşyrdy

Turkish Airlines awiakompaniýasy şu ýylyň 26-njy martynda Türkmenbaşydan Stambula TK 4913 ýörite uçar gatnawyny amala aşyrdy. Bu barada atavatan-turkmenistan web saýtynda habar berilýär.


Nobatdaky amala aşyrylan howa gatnawy 2022-nji ýylyň mart aýynda ýerine ýetirilen üçünji gatnawdyr. Mundan öň, Turkish Airlines awiakompaniýasy 9-njy we 14-nji martlarda Aşgabat we Türkmenbaşy şäherlerinden iki gatnaw amala aşyrdy.


Dünýäde ýüze çykan pandemiýa sebäpli girizilen çäklendirmeleriň dowamynda beýleki ýurtlar bilen birlikde, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky yzygiderli howa gatnawlarynyň 2020-nji ýylyň mart aýynda togtadylandygyny bellemek gerek.