Turkmenportal logo
28.02.2015
42694269
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň wekilleri Stambulda geçiriljek Halkara maýa goýum maslahatynyň işine gatnaşarlar

 Aşgabat, 28.02.2015. “Türkmenportal”.


4-5-nji martda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Halkara maýa goýum maslahaty geçiriler. Onuň işine Türkmenistanyň wekilleri hem gatnaşarlar.


26-njy fewrala çenli maslahata gatnaşjak 42 ýurduň işewürleri hasaba alyndy. Olar dürli halkara guramalarynyň we bank ulgamynyň hünärmenleridir. Türkmen wekiliýetiniň agzalary Türkiýede bolmagynyň çäklerinde, şeýle hem ikitaraplaýyn gepleşikleriň birnäçesini geçirerler.