Turkmenportal logo
22.03.22
98409840
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Belarusyň Prezidenti türkmen Lideri bilen gepleşikleriň täze tapgyryny geçirmäge taýýar

Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli gutlady. Belarus Liderinden gelen hatda şeýle diýilýär:


«Belarus halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegi­ňiz bilen gutlaýaryn.


Garaşsyzlyk ýyllarynda ýola goýlan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugta binýadynyň Minskä we Aşgabada özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de gi­ňeltmegiň ýolunda üstünlikli öňe gitmäge mümkinçilik berjekdigine ynanýaryn.


Belarus Türkmenistan bilen syýasy gatnaşyklary işjeň­leşdirmäge, halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we söwda-ykdysady hem-de ynsanperwer gatnaşyklary gi­ňeltmäge gyzyklanmalaryny tassyklaýar.


Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, abadançylyk, mähriban ýurdu­ňyzyň ösüşiniň bähbidine täze üstünlikleri, türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, agzybirlik we rowaçlyk arzuw edýärin!».