Turkmenportal logo
15.03.22
1157511575
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
“Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasy “salgydan-salga” çaparçylyk hyzmatynyň nyrhlaryny peseltdi

“Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasy salgydan-salga gowşurmak hyzmatynyň nyrhyny 1-nji martdan peselendigini habar berýär.


“Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň “salgydan-salga” hyzmaty öýden çykman, Türkmenistanyň çäginde poçta ugratmalary we banderollary ugratmak mümkinçiligini hödürleýär.


“Salgydan-salga” hyzmatyndan peýdalanmagy resmi web saýty, “Çapar” mobil goşundysy arkaly ýa-da +993 12 921495 belgisine jaň edip çapary çagyryp ýa-da Aşgabat şäheriniň çäginde ýerleşýän 1-nji, 3-nji, 17-nji, 32-nji, 35-nji we 37-nji poçta aragatnaşyk bölümlerinde ugratmalary iberip bolýar. Poçta aragatnaşyk bölümleriniň salgylarynyň maglumatlary bilen “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň resmi web saýtynda tanyşyp bilersiňiz.


“Salgydan-salga” hyzmaty diňe adaty sarp edijiler üçin däl, eýsem harytlaryny alyjylara eltip bermek hyzmatyny ulanýan telekeçiler üçin hem amatly. Ugratmalar ýurdumyzyň islendik şäherine ýa-da ilatly nokadyna 2-3 günüň dowamynda eltip berilýär.


“Çapar” mobil goşundyny Google Play ýa-da App Store arkaly telefona ýüklemek mümkindir.


Şeýle hem, şu mobil goşundynyň “Tölegler” bölüminde bank kartlary arkaly PÝGG jerimelerini, şeýle hem aragatnaşyk hyzmatlary tölemek mümkinçiligi berilýär.