Marynyň «Merw» futbol topary hüjümçi Orazberdi Myradowy düzümine goşdy. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berdi.
28 ýaşly hüjümçi geçen möwsümde «Milli goşun» futzal toparynda çykyş edipdi.
Onuň dürli ýyllarda «Aşgabat», «Ahal» we «Ýedigen» toparlarynda hem futbol oýnandygyny aýtmak gerek. Şeýle hem Orazberdi Myradow 2010 ― 2013-nji ýyllar aralygynda Belarusyň «Minsk» toparynyň ýaşlar düzüminde tejribe toplady.
Orazberdi Myradow 2014-nji ýylda HTTU-nyň düzüminde AFK-nyň prezidentiniň kubogyna mynasyp boldy. Onuň Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy bilen 2012-nji ýylda Çagyryş kubogyna hem gatnaşandygyny ýatladýarys.