Turkmenportal logo
25.02.22
83938393
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy sizi halkara ylmy maslahata gatnaşmaga çagyrýar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy 2022-nji ýylyň 12-13-nji iýunynda Aşgabat şäherinde sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçiriljek «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata gatnaşmaga çagyrýar.


Ylmy maslahatyň iş dilleri: türkmen, iňlis we rus dilleri.


Ylmy maslahatyň tematik ugurlary:


  • Nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek, energetika we tehniki ylymlar;
  • Biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika;
  • Maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary, takyk ylymlar;
  • Häzirki zaman lukmançylygy we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary;
  • Innowasion ykdysadyýet;
  • Ynsanperwer ylymlar.

Ylmy maslahata gatnaşmak üçin degişli resminamalar, nutuklaryň gysgaça beýanlary 2022-nji ýylyň 20-nji martyna çenli kabul edilýär.


Ylmy maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänler zerur maglumatlary tabşyrmak üçin degişli şertleri we talaplary berjaý etmelidirler.


Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 15.


Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 94-30-81, 94-13-37.