Turkmenportal logo
24.02.22
70087008
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Beýik Britaniýada ähli koronawirus çäklendirmeleri ýatyryldy

Beýik Britaniýada COVID-19 pandemiýasy bilen baglanyşykly soňky çäklendirmeler hem bütinleý ýatyryldy.


«Mir 24-iň» habar berşi ýaly, şu günden başlap ýokanjyň alamatlary ýüze çykan mahalynda ýurduň raýatlarynyň özbaşdak izolýasiýa çärelerini geçirmegi, şeýle-de, jemgyýetçilik ulaglarynda agyz-burun örtüklerini dakynmak zerurlygy aradan aýrylýar. Ýene bir aýdan bolsa ýurduň raýatlaryna koronawirus pandemiýasyna degişli täze şertlere laýyk gelýän maslahatlar berler. Muňa mysal hökmünde 1-nji aprelden başlap tölegsiz test geçirmek hem-de gatnaşyklara gözegçilik etmek zerurlygynyň doly ýatyrylýandygyny aýdyp bolar.


Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Boris Jonson dowam etdirilen soňky çäklendirmeleriň hem bes edilmeginiň mümkinçiligini hem-de sebäbini raýatlaryň ýokary immunitetiniň bolmagy we ýogalýanlaryň sanynyň azalmagy bilen delillendirýär. Indi COVID-19 ýokanjyna bu ýurtda adaty bir sowuklama hökmünde garalýar.