Turkmenportal logo
07.02.22
36823682
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti we maşgalasy Türkiýäniň Prezidentine hat ýollady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana hat iberdi we türk Lideriniň hem-de onuň maşgalasynyň koronawirus ýokanjy bilen keselländigi baradaky habary uly gynanç bilen kabul edendigini belledi.


Döwlet Baştutanymyz hatynda: «Gujur-gaýratyňyz we güýçli erkiňiz bilen Siziň bu keseli gysga wagtda ýeňip geçjekdigiňize berk ynanýaryn» diýip belledi we durmuşyň şu agyr günlerinde hemmetaraplaýyn goldamaga we zerur bolan halatynda ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi.


«Gadyrly doganym, Size we maşgalaňyza tiz wagtda sagalmagyňyzy tüýs ýürekden arzuw edýärin hem-de Beýik Biribardan size berk jan saglyk, uzak ömür dileg edýärin» diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň we maşgalasynyň iberen hatynda nygtalýar.