Turkmenportal logo
31.01.22
45174517
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Neftçi» düzümini Täjigistanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy bilen güýçlendirdi

Gyrgyzystanyň «Neftçi» futbol topary Täjigistanyň futbol ýygyndysynyň ýarym goragçysy Jahongir Ergaşew bilen düzümini güýçlendirdi.


Koçkar-Ata şäheriniň kluby 27 ýaşly futbolçy bilen şu möwsümiň ahyryna çenli şertnama baglaşdy.


Ergaşew mundan ozal «Hujand», «SSKA-Pamir», «Istiklol», «Eshata», «Dinamo Brest» (Belarus), «Saif» (Bangladeş) we «Kyzylkum» (Özbegistan) toparlarynda futbol oýnady.


Onuň Täjigistanyň futbol ýygyndysynda 37 duşuşykda 4 goly bar.


«Neftçiniň» AFK-nyň kubogy ― 2022-de «Altyn asyr» bilen bir toparçada ýaryşjakdygyny ýatladýarys.