Turkmenportal logo
27.01.22
78437843
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda Ispaniýanyň täze ilçisi bellendi
Türkmenistanda Ispaniýanyň täze ilçisi bellendi

Ispaniýanyň patyşasy Filip VI 72/2022 belgili karara gol çekdi, resminama laýyklykda Ispaniýanyň Russiýadaky ilçisi Markos Gomes Martines şol bir wagtyň özünde Ispaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine bellenildi. Bu barada Ispaniýanyň döwlet gazeti BOE habar berýär.


Ozal bu wezipäni Fernando Walderram Pareja alyp barypdy.


Tejribeli ispan diplomaty Markos Gomes Martines 2021-nji ýylyň noýabr aýynda Patyşalygyň Russiýadaky ilçihanasyna ýolbaşçylyk etdi.


Markos Gomes Martines Ispaniýanyň Kolumbiýadaky ilçisi (2020-2021) bolup işledi.


Diplomat rus dilinde gürleýär we rus dilinden tassyklanan terjimeçi.