Turkmenportal logo
24.01.22
1749217492
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Nordwind Airlines» ýene bir gatnawynda Türkmenabadyň Halkara howa menzilini tehniki gonuş üçin ulanar
«Nordwind Airlines» ýene bir gatnawynda Türkmenabadyň Halkara howa menzilini tehniki gonuş üçin ulanar

Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menzili halkara uçuşlary üçin möhüm düşelge hökmündäki ähmiýetini artdyrýar. Russiýanyň «Nordwind Airlines» awiakompaniýasy Krasnodar (Russiýa) ― Bohtar (Täjigistan) aralygyndaky uçuşlarda bu menzili tehniki gonuş üçin ulanyp başlamakçy. Awiakompaniýanyň resmi web saýty bu gatnaw boýunça 30-njy ýanwardaky uçuşlardan başlap, Türkmenabadyň Halkara howa menziliniň tehniki hyzmatlaryndan peýdalanyljakdygy habar berildi.


Awiakompaniýanyň gyşky rejenamasynda Russiýanyň we Täjigistanyň aralygynda Moskwa ― Bohtar, Ýekaterinburg ― Bohtar, Nižniý Nowgorod ―Bohtar we Orenburg ― Hujand ugurlary hem görkezilýär.


Sagatda 500 ýolagça hyzmat edip bilýän Türkmenabadyň Halkara howa menziliniň 2018-nji ýylda açylyp, ulanylmaga berlendigini ýatladýarys. Bu menzil dünýäniň iň uly howa gämilerini hem kabul etmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem ol GDA döwletlerini Günorta-Gündogar Aziýa, Ýewropa, Amerika bilen howa ýoly arkaly birleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedir.